E-Com Roundtable: Ýerli önümden dünýä marketpleýslerine çenli
Ýerli önümden dünýä marketpleýslerine çenli
Aýratyn format:
Bu gury leksiýa däl-de, janly Roundtable.
Öz taslamalaryňyzy, ideýalaryňyzy, hakyky mysallaryňyzy we iň çylşyrymly soraglaryňyzy getiriň — olary ýerinde bilelikde seljereris!
👤 Aýratyn myhman we spiker:
Isgender Kerimov — www.ikmaslahat.com -esaslandyryjy, sanly marketing we biznesi ösdürmek boýunça şahadatly maslahatçy.
Öz önümiňiz ýa-da hyzmatyňyz bilen halkara bazaryna çykmagy arzuw edýärsiňizmi, ýöne nireden başlamalydygyny bilmeýärsiňizmi? Sizi Bilelik Hub-da geçiriljek hünärmen tegelek stoluna çagyrýarys. Şu ýerde sanly söwdanyň şu gün nähili işleýändigini we global bazaryň alyplarynda — Amazon, eBay, Etsy, şeýle hem Shopify ýaly öz platformalaryňyz arkaly satuwy başlamak üçin nämeleriň gerekdigini bilelikde seljereris.
Nämeler barada gürleşeris:
E-Com startapynyň anatomiýasy: Taslamanyň ykdysadyýeti, sanlaryň gabat gelmegi we önümi/hyzmaty bahalandyrmak.
Özboluşlylyk we masştab: Önümiňizi nädip tapawutlandyrmaly we masştablaşdyrmaga nädip taýýarlanmaly.
Maýa goýumlar: Wençur maýadarlar nämedir we bu model näme üçin entek Türkmenistanda işlemeýär (we haýsy alternatiwalar bar).
Satuw tejribesi: Ädimme-ädim barlag sanawy: ýerli bazardan daşarda söwda etmäge başlamak üçin nämeler gerek.
Giriş mugt, öňünden hasaba durmak arkaly!